Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran şwed ilçisini Press TV-niň habarçysynyň tussag edilmegi boýunça soraga çagyrdy


Marzieh Haşemi
Marzieh Haşemi

Şwesiýanyň Eýrandaky ilçisi ABŞ-da doglan Eýran telewideniýesiniň alyp baryjysynyň Birleşen Ştatlarynda tussag edilmegi bilen baglylykda soraga çagyryldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, Tähran ilçiden Marzieh Haşemini dessine azatlyga goýberilmegi ugrunda araçylyk etmegi sorapdyr. Haşemi Eýranyň döwlet eýeçiligindäki iňlis dilinde maglumatlary berýän Press TV kanalynda işleýär.

Şwesiýanyň ilçihanasy Tähranda ABŞ-nyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

Haşeminiň oglunyň aýtmagyna görä, onuň ejesi Missoruiniň St.Louis şäherinde “Garaýagyzlaryň Ömri hem Möhüm” atly dokumental filmi surata düşürýän mahaly, 13-nji ýanwarda federal agentleri tarapyndan tussag edilipdir.

Mundan soň, ol Waşingtona geçirilýär we şondan bäri tussaglykda saklanýar.

Federal kazyýetiniň köpçülige aýan eden dokumentlerine laýyklykda, Haşemi bir iş boýunça möhüm şaýat hökmünde saklanypdyr. Emma, gürrüňi edilýän işiň mazmuny barada hiç zat aýdylmady.

Resmiler Haşemiden şaýatlyk görkezmeleri doly alnandan soň, onuň dessine goýberiljekdigini aýtdylar. Şol bir wagtda, munuň haçan amala aşjakdygy nämälimligine galýar.

XS
SM
MD
LG