Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Putin Gyrgyzystana sapar eder


Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow (çepde) özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen. (Arhiw suraty)
Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow (çepde) özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen. (Arhiw suraty)

Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň Gyrgyzystana sapar etjekdigini tassyklady, emma munuň bilen baglylykda anyk senäni mälim etmedi.

“[Prezidentiň] gün tertibinde Gyrgyzystana sapar etmek göz öňünde tutulýar” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow çykyş etdi. Ol saparyň diplomatiki ýollar arkaly koordinirlenýändigini hem sözüne goşdy.

Peskowyň bu maglumaty gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçylarynyň biriniň eden belliklerine gabat geldi. Daniýar Sydykow Jeenbekowyň Putini Gyrgyzystana çagyrandygyny, şeýle-de bu saparyň martyň aýagynda amala aşmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Putin bilen Jeenbekowyň söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny, regional howpsuzlygyny we Gyrgyzystandaky infrastruktura gurluşyklaryny maslahat etjekdigine garaşylar.

Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda Russiýadaky gyrgyz zähmet migrantlarynyň meselesine hem garalar.

XS
SM
MD
LG