Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Sudanda “şahsy howpsuzlyk kompaniýalarynyň” hereket edýändigini tassyklady


Sudandaky köçe protestleri.
Sudandaky köçe protestleri.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi şahsy rus kompaniýalarynyň Sudanyň armiýasyna tälimçilik berýändigini tassyklady. Sudanda häzir oppozisiýa güýçleriniň köpçülikleýin protestleri geçýär.

Ministrligiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa “Biziň maglumatymyza görä, Russiýanyň döwlet edaralary bilen hiç hili ilteşigi bolmadyk, rus şahsy howpsuzlyk kompaniýalarynyň wekilleri Sudanda hereket edýärler” diýip, 23-nji ýanwarda çykyş etdi.

Mundan öň, britan neşirlerinde rus hakynatutmalarynyň Sudan resmilerine protestleri basyp ýatyrmaga hemaýat berýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Zaharowa metbugatda çykan habarlary inkär edip, şahsy howpsuzlyk kompaniýalarynyň diňe “Sudan respublikasynyň harbylaryna we kanun goraýjy edaralaryna tälimçilik bermek bilen çäklenýändiklerini” aýtdy.

Sudan Moskwanyň ýakyn ýaranlarynyň biridir.

Sudanda 19-njy dekabrdan bäri günde köçe protestleri geçirilýär. Demonstrasiýalar ilki ýangyç we beýleki serişdeleriň ýetmezçiligine garşy başlanypdy. Emma, soňy bilen protestlerde prezident Omar al-Başiriň 30 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagyna çagyryşlar edilip başlandy.

XS
SM
MD
LG