Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Leningrad gawabynyň soňlanmagynyň 75 ýyllygyny harby parad bilen belleýär


Leningrad. Arhiw suraty
Leningrad. Arhiw suraty

Orsýetiň ikinji uly şäheri Ikinji Jahan urşunda ýüz müňlerçe asuda adamyň ölümine getiren Leningrad gabawynyň soňlanmagynyň 75 ýyllygyny belleýär.

Leningrad gabawy 1941-nji ýylyň sentýabryndan 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli, 872 günläp dowam etdi. Gabaw mahalynda, hasaplamalara görä, 1.2 million asuda adam açlyk-horlukdan heläk boldy.

Hasaplamalaryň dürli-dürli sanlary görkezýändigine garamazdan, ekspertler Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan urşunda 27 million çemesi adam ýitgisini çekendigini aýdýarlar.

Taryhy Sankt Peterburg ady dikeldilen şäherde garly howada, -18 dereje sowukda guralan harby parad gabaw döwründe wepat bolanlaryň hormatyna yglan edilen bir minut dymyşlykdan soň başlandy.

Günbatar harby okrugyň komandiri, general-polkownik Aleksandr Žurawlew orsýetliler “uruşdan dolanyp gelmedikleriň we ýaralaryndan hem kesellerden ölenleriň hatyrasyna başyny egýär” diýdi.

Parada häzirki we öňki döwürleriň harby lybaslaryny geýen 2,500-den gowrak esger we kadet, şeýle-de nasistik Germaniýany ýeňmekde uly rol oýnan meşhur T-34 tanklaryny, raketa sistemalaryny, pyýada goşun maşynlaryny öz içine alýan80 sany harby tehnika gatnaşýar.

Şeýle-de paradda ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply Iskander-M gysga aralyga ýetýän raketa sistemalary görkezildi. Orsýetiň bu ýaraglary Baltika deňziniň Kalingrad sebitinde ýerledşirmegi Ýewropanyň NATO agzalarynyň gaharyny getiripdi.

Ýatlama gününden öň 5 müň çemesi adam resmileri parad geçirmek planlaryny goýbolsun etmäge çagyrýan petisiýa-arza gol çekdi.

Tankytçylar, şol sanda gabawdan aman galanlar bu çäräni ýerliksiz gylyç bulamak we harby propaganda hökmünde ýazgarýar.

XS
SM
MD
LG