Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

YD Filippinlere edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Partlamadan soňky ýagdaý

“Yslam döwleti” ekstremistik topary bilen ilteşikli jeňçiler Filippinleriň günortadaky Jola adasynda guralan ybadathana çäresi mahalynda amala aşyrylan bomba hüjümleriniň we Nigeriýada harby baza garşy edilen ýaragly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldylar.

“Yslam döwleti” ekstremistik topary Manilanyň müň kilometr günortasynda ýerleşýän Jolo şäherinde iki sany janyndan geçeniň özlerini partladandyklaryny aýdyp, beýanat ýaýratdy. Ýekşenbe güni ýüze çykan hadysada azyndan 20 adam öldi, başga-da 80-e golaýy ýaralandy.

Partlamalaryň ilkinjisi dini çäre mahalynda we ybadathananyň içinde boldy. Ikinji partlama ybadathananyň daşynda, howpsuzlyk güýçleri başky partlama sebäpli herekete giren wagtynda, maşyn goýulýan ýerde boldy.

Regionyň polisiýa direktory hüjümlerde parahat ilatyň arasyndan 14 adam we howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan alty gullukçynyň hem heläk bolandygyny mälim etdi.

Jolo adasy “Abu Saýýab” jeňçilerinden görülýän zorluk-sütemlerden uzak wagt bäri ejir çekýär. Birleşen Ştatlar we Flippinler bu guramany terror guramasy diýip atlandyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG