Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda dine dil ýetirmekde aýyplanan hristiýan aýaly aklanandan soň, radikal yslamçylar protestlere çagyrýarlar


Ýokary suduň Bibini aklamak baradaky oktýabrdaky çykaran höküminden öň, Bibiniň ölümini talap edip köpçülikleýin gazaply protestler geçirilipdi. Arhiw suraty
Ýokary suduň Bibini aklamak baradaky oktýabrdaky çykaran höküminden öň, Bibiniň ölümini talap edip köpçülikleýin gazaply protestler geçirilipdi. Arhiw suraty

Pakistanda Ýokary suduň dine dil ýetirmekde aýyplanyp, soňy bilende aklanan bir hristiýan aýalyna çykarylan hökümi öz güýjünde galdyranyndan soň, radikal yslamçy partiýasy muňa protest edip, tutuş ýurt boýunça demonstrasiýalary geçirmäge çagyrdy.

Tehreek-e Labaik Pakistan partiýasynyň lideri Mohammad Şafik Amini öz tarapdarlaryna ýüzlenip, şu hepde soňy köçelere çykmaga çagyrdy. Mundan öň, suduň karary mälim edilenden soň ýüze çykan protestlerde ýüzlerçe demonstrant tussag edilipdi.

Gürrüňi gidýän hristiýan aýaly Bibi sekiz ýyl töweregi ölüm jezasyna garaşyp, tussaglykda saklanypdy. Pakistanda dine dil ýetirmek juda ynjyk we ýiti mesele bolmagyna galýar.

Ýokary suduň Bibini aklamak baradaky oktýabrdaky çykaran höküminden öň, Bibiniň ölümini talap edip köpçülikleýin gazaply protestler geçirilipdi.

Mundan soň, hökümet Tehreek-e Labaik Pakistan partiýasynyň liderlerini gozgalaňda we terrorizmde aýyplap, olara basyş görkezip başlady.

Bibi 2010-njy ýylda goňşulary bilen ýüze çykan dawada yslama dil ýetirmekde aýyplanypdy.

Bibi elmydama-da özüniň günäsizdigini aýdyp gelýärdi.

XS
SM
MD
LG