Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook Eýran bilen ilteşikli 800-e golaý “galp” hasaplary öçürdi


Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysy Nathaniel Gleişer (Nathaniel Gleicher)
Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysy Nathaniel Gleişer (Nathaniel Gleicher)

Facebook sosial ulgamy, dünýäniň 20 töweregi ýurdunda hilegärlik hereketlerine baş goşandygy aýdylýan, Eýran bilen ilteşikli 800-e golaý “galp we koordinirlenen” hasaplary öçürendigini mälim etdi.

Dünýäniň iň iri sosial tory “betniýetli hasaplara çalym edýän” sahypalary anyklamak üçin Twitter bilen ýakyndan işleşendigini hem belledi.

Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysynyň beren maglumatyna görä, bu sahypalaryň eýeleri dünýäniň dürli ýurtlarynda, hamana, şol döwletleriň raýatlary hökmünde hasaba durup, Eýranyň bähbitlerini ilerledipdirler.

“Biz dowamly ýagdaýda şular ýaly hereketleri anyklamak we olaryň öňüni almak ugrunda iş alyp barýarys. Biz öz hyzmatlarymyzyň adamlara täsir ýetirmek üçin ulanylmagyny islemeýäris” diýip, Nathaniel Gleişer (Nathaniel Gleicher) beýanatynda belledi.

XS
SM
MD
LG