Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-a jogap edip, Putin Orsýstiň hem orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasyndan çykýandygyny aýtdy


Wladimir Putin 2-nji fewralda daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy. Arhiw suraty
Wladimir Putin 2-nji fewralda daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy. Arhiw suraty

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Birleşen Ştatlaryň bu meselede bir gün öň yglan eden kararyndan soň, Orsýet Orta aralyga ýetýän ýadro ýaraglary şertnamasy (INF) astynda öz alan borçnamalaryny togtadýar diýdi.

Putin 2-nji fewralda ABŞ-nyň uzak garaşylan çäresine Orsýetiň reaksiýasyny maslahatlaşmak üçin daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy.

"Biz hem şonuň ýaly ederis" diýip, Putin duşuşyk wagtynda aýtdy. "Bizem hutma-hut çäre göreris. Biziň amerikan hyzmatdaşlarymyz özleriniň bu şertnama gatnaşyklaryny togtadýandyklaryny yglan etdiler, şeýlelikde bizem oňa gatnaşygymyzy togtadarys” diýip, ol aýtdy.

Putin Lawrowa Birleşen Ştatlar bilen hiç bir täze ýaragsyzlanmak gepleşiklerini başlamazlygy tabşyrdy we Goranmak ministrliginiň täze ýadro göteriji raketalary, şol sanda sesden gaty gidýänlerini ýasamaga başlajakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da ol Orsýetiň täze we gymmat düşjek ýaraglanyşyk ýaryşyna çekilmeginden gaça durulmalydygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG