Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi.
M.Meredow mejlisde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, nebiti gaýtadan işlemegiň, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamalary 100 prosentden gowrak "berjaý edildi”.
Şeýle-de hasabatda, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 100,5%, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1% bolandygy aýdylýar.
Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedow orunbasaryny “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezlikde, gözegçilik edýän toplumynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmezlikde” aýyplady.
Meredowa geçen ýylyň dekabr we sentýabr aýlarynda hem, wezipe borçlaryny talaba alýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin diýip, iki käýinç yglan edildi.
Emma muňa garamazdan, Meredowa bu ýyl öz gözegçilik edýän agyr pudagynyň daşyndan Lebap welaýaty boýunça jogapkär wezipesi hem berildi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.