Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Kosmos derňew merkezinde dörän ýangynda azyndan üç alym öldi


Eýranyň telekommunikasiýa ministri Mohammad Jawad Azari Jahromi
Eýranyň telekommunikasiýa ministri Mohammad Jawad Azari Jahromi

Eýranyň Kosmos derňew merkezinde dörän ýangynda azyndan üç alym öldi diýip, Eýranyň ýokary derejeli resmisi yglan etdi.

Telekommunikasiýa ministri Mohammad Jawad Azari Jahrominiň 3-nji fewralda beren maglumatyna görä, alymlar “Kosmos derňew merkezindäki binalaryň birinde dörän ýangynda” heläk boldular.

Ol Tähranda bolan bu waka barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Şeýle-de, wakada pida bolanlaryň şahsyýetleri we eýeleýän wezipeleri hem häzirlikçe aýdyňlaşdyrylmady.

Maglumatlaryň birinde ýangyn dörän mahaly, işgärleriň derňew merkeziniň beýleki tarapynda Yslam rewolýusiýasynyň 40 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG