Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Freedom House" guramasynyň hasabatynda Türkmenistan "erkin däl" ýurtlaryň sanawyna girizildi


"Freedom House" guramasynyň hasabaty
"Freedom House" guramasynyň hasabaty

Merkezi Waşingtonda ýerleşýän hukuk goraýjy topar “Freedom House” Birleşen Ştatlarda “demokratiýa görkezilýän garşylyk” tutuş dünýäde “syýasy hukuklara we raýat erkinliklerine howp abandyrýar” diýip, duýduryş berýär.

Guramanyň “2019 dünýäde erkinlik” atly hasabatynda global demokratiýa boýunça dürli ýurtlar barada ýekän-ýekän durlup geçilip, 2018-nji ýylda bolan oňaýsyz wakalara garalýar. Syýasy hukuklaryň we raýat erkinlikleriniň 68 ýurtda aşaklap, diňe 50 ýurtda öňegidişleriň bolandygy aýdylýar.

5-nji fewralda jemgyýetçilige ýetirilen hasabatda “global erkinligiň 13 ýyl bäri yzygiderli aşaklamagy” diýilýäne gönükdirilen tankyt Orsýeti, Eýrany, Azerbaýjany, Çernogoriýany, Serbiýany, Wengriýany, şeýle em Orta Aziýanyň öňki üç sowet respublikasyny öz içine alýar.

Hasabatyň jildiniň ýüzünde ýerleşdirilen karikaturada bolsa “erkinlik” sözüni ýakyp duran oduň başynda elleri şamçyragly Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan dur.

Karikaturada Saud Arabystanyň şazadasy Mohammed bin Salman oda nebit guýýar, ýaýraýan ýalynlary hem Eýranyň, Hytaýyň, Wenezuelanyň, Wengriýanyň liderleri güýçlendirýärler, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp otda bir marşmallowny gyzardýar.

Hasabatda Birleşen Ştatlarda demokratiýanyň “global ölçegler boýunça berkligine galýandygy”, ýöne “geçen sekiz ýyllykda onuň aşa ysgynsyzlaşandygy” bellenip, Trampyň “kanunçylyga, faktlara esaslanýan žurnalizme, şeýle hem demokratiýanyň beýleki prinsiplerine we kadalaryna edýän häzirki hüjümleriniň demokratiýanyň aşaklamagyna getirmegi” mümkin diýilýär.

2018-nji ýylda Birleşen Ştatlarda “ýurdy kanun boýunça dolandyrmakda aşaklama” bolandygy, bu ýagdaýyň amarikan demokratiýasyny “Gresiýa, Horwatiýa we Mongoliýanyň derejesine” getirip, onuň Germaniýa we Britaniýadaky ýaly demokratiýalardan juda aşakladandygy aýdylýar.

Çykdajylarynyň uly bölegi Amerikan hökümeti tarapyndan meliýeleşdirilýän “Freedom House” aýratyn-da Trampyň administrasiýasyny pena sorap gelýänleriň kanuny hukuklaryny “nädogry” çäklendirimekde tankytlaýar. Hasabatda “bosgunlary ýerleşdirmekda diskriminasiýa aç-açan aýan boldy, immigrasiýa kanunynyň berjaý edilmegi we tussaglyk siýasaty aşa yzgytsyz ýa-da eden-etdilikli alnyp baryldy” diýilýär.

“Beýleki milletler Birleşen Ştatlarda bolup geçýän zatlarda öz liderleriniň hereketleriniň alamatlaryny görýärler. Amerikan demokratiýasynyň häzirkisi ýaly ýaramazlaşmagy tutuş dünýäde demokratiýanyň aşaklamagyny çaltlandyrar” diýip, “Freedom House” guramasnyň başlygy Mihaell Abramowitz aýdýar.

Abramowitz: “Birleşen Ştatlarda demokratiýanyň gowşamagy Donald Trampdan başlananok. Ýöne prezidentiň ritorikasy we hereketleri esasy howpsuzlyk çärelerini, şol sanda ýurduň kanun boýunça dolandyrylmagyny, şeýle-de saýlawlaryň erkin we adalatlydygyna bolan ynamy gowşadýar” diýýär.

Hasabatda bellenmegine görä, Orsýet bilen Eýran “öz serhetlerinden daşardaky öňki raýatlaryny, sürgünlikdäkileri we diasporany nyşana alýan” we sany barha artýan hökümetleriň hatarynda durýar.

“Freedom House golaýda daşary ýurtlardaky syýasy dissentleri zulum-sütem, ekstradisiýa haýyşnamalary, ogurlamak we hatda öldürmek bilen nyşana alýan 24 ýurdy sanap geçýär. Bular Orsýet, Hytaý, Türkiýe, Eýran we Saud Arabystany ýaly uly döwletleri-de öz içine alýar” diýip hasabatda aýdylýar.

Putin bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 2018-nji ýylda täze prezidentlik möhletini gazandylar. Ýöne saýlaw kampaniýalarynda “garaşsyz mediýa we raýat jemgyýetini basyp ýatyrmak, döwletiň serişdelerinden galp peýdalanmak, hakyky syýasy garşydaşlary yzarlamak, şeýle hem gös-göni galplyk ýaly taktikalardan peýdalanyldy”.

Ermenistan “Freedom House” tarapyndan öwgä mynasyp hasaplanan ýurtlaryň arasynda durýar. Muňa sebäp bolan “reforma pikirli” oppozision lider Nikol Paşiniýanyň gazanan ýeňişi. Paşiniýan 2018-nji ýylda “Häkimiýet başyndaky [Serž Sarkisian] möhlet çäginden sypyp, öz hökümdarlygyny uzaltmaga synanyşandan soňra” geçirilen irki saýlawlarda premýer-ministr boldy.

Hasabatda bu waka “üstünlik mümkin däle meňzeýän ýurtlarda-da adamlaryň erkinlige, jogapkärçilige, mertebä ymtylýanlygyna şaýatlyk edýär” diýilýär.

“Freedom House” Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Wengriýa ozal syýasy taýdan “erkin” diýip baha beripdi. Ýöne bu ýurt bu gezek “ýarym erkin” diýen bahany aldy. Muňa hem sebäp bolan premýer-ministr Wiktor Orbanyň “Fidesz” partiýasynyň mediýa, dini toparlara, akedemiýa, hökümete degişli däl guramalara we hususy sektora edýän “dowamly hujümleri”.

Goňşy Serbiýa “Freedom House” guramasynyň aýtmagyna görä, “saýlawda bolýan bidüzgünçilikler, garaşsyz žurnalistlere kanuny taýdan ýanalmagy, olaryň garalanmagy we prezident Aleksandar Wuçiçiň ähli ygtyýarlyklary öz elinde saklamagy sebäpli “erkin” diýen bahadan “ýarym erkine” getirildi.

Hasabatda Çernogoriyanyň prezidenti Milo Djukanowiç hem “döwlet ygtyýarlygyny öz we öz ýaranlarynyň elinde jemlemegi, ýurdy oňat dolandyrmagyň esasy ölçeglerini bozýandygy üçin tankytlanýar.

Hasabatda “erkin däl” ýurtlaryň toparyna goşulan Orta Aziýanyň üç ýurdy - Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistanyň syýasy hukuklar we raýat azatlyklary boýunça dünýäde iň ýaramaz ýurtlaryň hatarynda durýandygy aýdylýar.

Netijede bu Orta Aziýa döwletleri Siriýa, Günorta Sudan, Eriteriýa, Demirgazyk Koreýa, Sudan Merkezi Afrika Respublikasy we Liwiýa ýaly ýurtlaryň toparyna goşulypdyr.

“Freedom House” muňa garamazdan ozal “iň ýaramazyň ýaramazy” sanawynda duran Özbegisany az-kem taryplaman duranok.

Hasabat prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda “ýene bir ätiýaçlykly gowulanma ýylyny” oňat garşylap, onuň hökümetiniň “syýasy tussaglary boşatmagy” we hökümete degişli däl gurmalara girizilen çaklendirmeleri “ýeňelleşdirmegi dowam etdirendigini” belleýär.

“Freedom House” Hytaýy “bir milliondan agdyk etnik uygurlary, gazaklary we Huileri” zor bilen “gaýtadan terbiýeleýiş” merkezleri diýilýän lagerlerde saklaýandygy üçin ýiti tankyt astyna alynýar we bu merkezlerden “rehimsiz gynama we tussaglaryň ölümi baradaky habarlaryň gelip gowuşýandygyny” belleýär.

XS
SM
MD
LG