Ermenistanyň Goranmak ministrligi, Siriýadaky rus missiýasynyň çäginde, uruşdan weýran bolan ýurda minadan arassalaýjy ekspertleri we beýleki hünärmenleri iberdi.
Ministrligiň sözçüsi Artsrun Howhannisian minalary zyýansyzlandyryjy sapýorlardan, medisina işgärlerinden we howpsuzlyk ofiserlerinden ybarat 83 agzaly toparyň 8-nji fewralda esasan demirgazyk şäher Aleppoda işlemek üçin Siriýa barandygyny aýtdy.
Ol bu toparyň agzalarynyň Ýakyn gündogar ýurdundaky söweş hereketlerine goşulmajakdygyny nygtady. Siriýanyň ýedi ýyllyk raýat urşunda 400 müňden gowrak adam öldürildi, millionlarça adam ýaşaýan ýerinden bosdy, ýurduň taryhy ýerleriniň bir topary weýran edildi.
“Ermeni hünärmenleri minalary zyýansyzlandyrmak, ilat arasynda minalardan habarlylygy ýokarlandyrmak, Aleppoda, diňe uruş zonasyndan daşarda medisina kömeklerini bermek ýaly ynsanperwerçilik işleri bilen meşgullanar” diýip, Howhannisian feýsbukda ýazdy.
Uruşdan öň Aleppoda 100 müňden gowrak etniki ermeni ýaşaýardy. Olaryň köpüsi, şol sanda müňlerçe ermeni bu ýerden gaçyp çykdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?