Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda amala aşyrylan howa zarbasynda azyndan 21 adam, şol sanda aýallar we çagalar heläk boldy.
Helmandly senatoryň beren maglumatyna görä, howa zarbalary mundan iki gün ozal Sangin etrabynda NATO-nyň goldamagyndaky owgan güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda barýan çaknyşyklaryň çäginde amala aşyrylypdyr.
“Howa hüjüminiň ähli pidalary: bigünä adamlar, aýallar we çagalar boldy” diýip, senator Mohammad Haşim Alkozaý belledi.
Owgan güýçleri ýurduň ýarpysyna gözegçilik edýändigi aýdylýan “Talyban” jeňçilerine garşy söweşýärler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.