Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-ly general Siriýadaky harbylaryň öňümizdäki “hepdeleriň” içinde çykarylyp başlanmagynyň mümkindigini aýtdy


General Josef Wotel (Joseph Votel)
General Josef Wotel (Joseph Votel)

Pentagonyň ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky güýçlerine jogapkär kommandiri Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky güýçlerini çykarmak kampaniýasynyň öňümizdäki “hepdeleriň” içinde başlanmagynyň mümkindigini aýtdy.

General Josef Wotel (Joseph Votel) anyk senäniň ýurtdaky ýagdaýlara bagly boljakdygyny aýtdy. Siriýada ABŞ-nyň 2 müňe golaý esgeri siriýaly araplaryň we kürtleriň ýaranlygynyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerine garşy söweşine ýardam berýärdiler.

Esgerleriň soňky günleriň ýa-da hepdeleriň içinde çykarylyp başlanjakdygy soralanda, ABŞ-ly general: “Belki, hepdeleriň içinde. Emma, ýene-de bu ol ýerdäki ýagdaýlara bagly bolar” diýip, jogap berdi.

Esgerleriň çykarylmagy boýunça dürli, şol sanda biri-birine çapraz gelýän maglumatlar hem orta atylyp başlanypdy. Käbirler harbylaryň eýýäm Siriýadan çykarylyp başlanandygyny hem öňe sürýärler.

Bu aralykda, Wotel ABŞ-nyň goňşy Yrakdaky güýçlerini göz-görtele artdyrjakdygyna ynanmaýandygyny hem belledi. Yrakda Birleşen Ştatlaryň 5 müňe golaý harbylary Bagdadyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna garşy göreşine ýardam berýärler.

XS
SM
MD
LG