Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus habar saýtynyň redaktory özüni günäsiz hasaplaýar


Marina Zolatowa özüne bildirilen aýyplamalaryň ählisini ret etdi.
Marina Zolatowa özüne bildirilen aýyplamalaryň ählisini ret etdi.

Belarusyň iň uly garaşsyz habar saýtynyň redaktory sudda özüniň bigünädigini aýtdy. Ol öz neşrinde döwlet eýeçiligindäki agentlikden maglumat almakda aýyplanýar.

Paýtagt Minskdäki sud 12-nji fewralda Tut.by websaýtynyň baş redaktiry Marina Zolatowanyň garşysyna gozgalan işiň deslaply diňlenişgine başlady. Sud seljerişligine gelen onlarça adam sud ediljek zalyna giren Zolatowany elçarpyşmalar, goldaw beriji sözler bilen garşy aldylar. 170 orunly sud zalynyň ähli orny alnandy.

Zolatowa özüne bildirilen aýyplamalaryň ählisini ret etdi. “Men özüme bildirilen aýyplamalaryň hiç biri boýunça jenaýat etmedim” diýip, Zolatowa aýtdy.

Bu iş hukuk goraýjylaryň aladalaryny güýçlendirdi, olar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň hökümetiniň metbugat çäklendirmelerini artdyrýandygyny duýdurdylar.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet belarus häkimiýetlerini Belarusyň iň uly garaşsyz saýtynyň baş redaktoryny "ýanamagy bes etmegä" çagyrdy.

XS
SM
MD
LG