Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2019-njy ýylda 3 mln düýp saýaly, pürli, miweli bag eker


Aşgabat, geçen ýyl ekilen bag gurap otyr, täzesi ekilýär. 2017.
Aşgabat, geçen ýyl ekilen bag gurap otyr, täzesi ekilýär. 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda 2019-njy ýylda paýtagtda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek hakyndaky karara gol çekdi.

Türkmenistanda geçen ýyl we ondan öňki ýyllarda hem millionlarça agaç nahallarynyň oturdylandygy, şol bir wagtda ekilen baglaryň müňlerçesiniň suwsuz guradylandygy habar berilýär.

Bu ýyldaky bag ekmek karary ýurtda döwlet harajatlartyny azaltmak üçin dürli tygşytlaýyş çäreleriniň görülýän, iş orunlarynyň gysgaldylýan, şol bir wagtda prezident tarapyndan ýeralma ýaly azyk önümleriniň köp ekilmegi barada tabşyryk berilýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen mediasy bu tabşyrykdan soň ýurduň telekeçileriniň ýeralma ekişini görkezýän reportaž taýýarlady.

Şu aralykda Gyrgyzystan Türkmenistana ýeralma eksport etmäge başlady.

24.kg saýtynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystan Türkmenistana we Gazagystana ýeralma ibermek hakynda şertnama gol çekdi.

“Ak-Suu fermerleri eýýäm Türkmenistana ýeralma ibermäge başladylar” diýip, Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekili Anarkul Bekkulyýewa aýtdy.

Gyrgyzystanda 2018-nji ýylda 1 million 446 müň tonna ýerlama öndürilendigi habar berilýär. Ýurduň içerki zerurlyklary üçin bolsa, 700 müň tonna golaý ýeralma ýeterlik bolýar diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG