Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada alnyp gaçylan tunisly nebit işgärleri azat edildi


Liwiýa
Liwiýa

Liwiýanyň paýtagtynyň eteginde alnyp gaçylan 14 tunisly nebit işgäri azat edildi diýip, Tunisiň hökümeti mälim etdi.

Maglumata görä, tussaglykda üç gün saklanan işgärler öten gije azat edilipdirler. Olaryň ýagdaýlarynyň kadalydygy aýdylýar.

Tunisiň daşary işler ministri özüniň liwiýaly kärdeşine telefon edip, Liwiýanyň bütewi hökümetiniň işgärleri azat etmek ugrundaky tagallalaryna minnetdarlygyny bildirdi.

14-nji fewralda ýaraglylaryň bir topary Tripoliniň etegindäki Zaiwa şäherinde nebit işgärleriniň awtobusyny duruzyp, olary alyp gaçypdylar. Jeňçiler Tunisda neşe gaçakçylygy aýyplamalary bilen tussag edilen liwiýalynyň azat edilmegini talap etdiler.

Resmiler işçileriň nähili ýagdaýda azat edilendigi barada jikme-jik maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG