Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan Hindistandaky ilçisini çagyrdy


Hindistanyň ýarym-harby esgerleri Kaşmir sebitine gözegçilik edýärler (arhiw suraty).

Pakistan özüniň Hindistandaky ilçisini konsultasiýalar üçin yzyna çagyrdy. Bu ýadro ýaragyna eýe iki goňşy döwletiň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Mundan öň, biri-birinden aýry iki hüjümde Hindistanyň ýarym-harby güýçleriniň we esgerleriniň onlarçasy öldürilipdi.

18-nji fewralda ir bilen Hindistanyň dolandyrýan Kaşmir sebitinde jeňçiler bilen ýüze çykan çaknyşykda azyndan dört hindi esgeri, şol sanda ýokary derejeli ofiser öldürildi.

Hindi mediasynyň maglumatyna görä, düýbi Pakistanda ýerleşýän “Jaiş-e-Mohammad” jeňçi toparynyň ýerli ganaty hüjümi başladypdyr.

Mundan birnäçe gün ozal, dawaly territoriýada janyndan geçeniň amala aşyran hüjümi netijesinde ayndan 41 sany ýarym-harby ofiseri öldürilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG