Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kaýirdäki partlamada hüjümçidigi öýdülýän, iki polisiýa ofiseri öldi


Kaýir. Arhiw suraty

Müsüriň paýtagty Kaýiriň eteginde ýüze çykan partlamada janyndan geçen hüjümçidigi öýdülýän we iki polisiýa ofiseri öldi.

Içeri işler ministrligi Al-Ažar metjidiniň golaýynda ýüze çykan wakada başga-da iki polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, partlama howpsuzlyk güýçleriniň geçen hepde Kaýirdäki metjitleriň biriniň golaýynda partladyjyny ýerleşdirmekde güman edilýäni ele salmak üçin geçiren operasiýasynyň dowamynda döräpdir. 15-nji fewralda polisiýa şol bombany zelelsizlendirmegi başarypdy.

Ministrlik hüjümçi tussag edilmezinden öň özüni ýarandygyny aýtdy.

Müsürde 2013-nji ýylda yslamçy prezident Muhammad Morsi häkimiýetden çetleşdirilenden soň, howpsuzlyk güýçlerine we hristiýan azlyklaryna garşy hüjümler amala aşyrylyp başlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG