Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýak aktiwistleri jynsy zorlukda aýyplanýan ruhanynyň heýkelini goparyp aýyrdylar 


Polşaly protestçiler. Arhiw suraty

Polýak aktiwistleri ýaş çagalary jynsy süteme sezewar etmek aýyplamalarynyň arasynda ruhanynyň heýkelini goparyp aýyrdylar.

Aktiwistler 21-nji fewral güni irden guran protestlerinde Polşanyň Katolik ybadathanasynyň ruhanylaryň arasyndaky jynsy sütem faktlaryna garşy ýeterlik çäreleri görmeýändigini aýtdylar.

Wideo ýazgysy adamlaryň merhum Henrik Ýankowskiniň Gdansk şäherindäki heýkeliniň boýundan ýüp salyp, ony ýere ýykyşlaryny görkezýär.

Soňra aktiwistler ýykylan heýkeliň el şekilleriniň birine çagalaryň içki eşiklerini atdylar.

Hususy eýeçilikdäki TVN24 bu protest sebäpli üç adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Ýankowskiý 1980-nji ýyllarda, demokratiýa tarapdar Raýdaşlyk hereketini goldamak we Polşanyň kommunist režimine garşy göreş arkaly meşhurlyk gazandy. Ol 2010-njy ýylda öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG