Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti, ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmadyňyz diýip, hökümeti dargatdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we ykdysadyýeti energiýa pudagyndan diwersifikasiýa etmäge ukypsyzlykda aýyplap, hökümeti dargatdy.

"Köp kanunyň we hökümet kararlarynyň kabul edilendigine garamazdan, ykdysadyýetiň köp ugrunda oňyn özgerişlikler gazanylmady” diýip, Nazarbaýew 21-nji fewralda prezidentiň websaýtynda çap edilen beýanatynda aýtdy.

Uzak wagt bäri hökümet başynda oturan prezident hökümetiň gazaklaryň hakyky girdejilerini ýokarlandyryp bilmändigini, ýa-da ummasyz kän möçberdäki energiýa serişdelerine eýe bolan ýurtdaky ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň hötdesinden gelip bilmändigini tutaryk edindi.

Şeýle-de ol kiçi we orta telekeçiligiň, umyt edilişi ýaly, ýurduň ykdysady ösüşiniň diregleriniň birine öwrülip bilmändigini aýtdy.

Bu çäre Astanada ejesi we kakasy gije işleýän bäş çaga öz öýlerinde ýanyp ölenden soň ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlygy sebäpli turýan protestleriň çäginde görülýär.

XS
SM
MD
LG