Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watançylyk we milletçilik: Golaýda prezidentiň köpçülikde okan goşgularyna ‘sowet heňi’ kölege salýar


Türkmenistanda bir agaç. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda bir agaç. Illýustrasiýa suraty

Türkmen dünýäsine bagyşlanýan "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany nusgawy şahyrlaryň hem-de sowet türkmen edebiýatynyň wekilleriniň eserleri arkaly häzirki Türkmenistanda ýöredilýän watançylyk wagzynyň synyna gönükdirilýär.

Biz näm bolsak, şol bolaly,

Bolsa bolýar, eziz Watan...

Sowet türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň bu goşgy setirlerini Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda jemgyeýtçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde okady.

14-nji fewralda prezident Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bolan duşuşykda türkmen prezidenti ýurtda kabul edilýän programmalar, döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň ähmiýeti hem-de döwlet bilen halkyň bütewiligi hakda gürrüň edipdir. Ol ýygnananlary watany söýmäge çagyrdy. Prezident bu çagyryşyny, döwlet metbugatynyň Magtymgula degişlidigini aýdýan goşgy setirleri bilen hem-de belli-meşhur türkmen sowet şahyrlarynyň watançylyk temasynda ýazan goşgy setirleri bilen bezedi.

Watançylyk we milletçilik: Golaýda prezidentiň köpçülikde okan goşgularyna ‘sowet heňi’ kölege salýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:59 0:00

Türkmen dünýäsine bagyşlanýan “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda biz şol goşgy setirlerine ýakyndan syn edýäris. “Dünýä Türkmenleri” prezidentiň duşuşykda okan goşgy setirlerini seljermek üçin türkmen edebiýatyna onýyllyklaryny bagyş eden, aşgabatly ýazyjy, şahyr Amanmyrat Bugaýewe haýyş bilen ýüzlendi.

Jedelli goşgular

Bugaýew ilki bilen Magtymgula degişlidigi aýdylan goşgudan başlady. Prezident watansöýüjilikden we agzybirlikden söz açyp Magtymgulynyň şeýle setirlerini okady:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Ýöne aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, bu goşgy setirleriniň Magtymgulynyň awtorlygynda ýazylandygy dogrusynda käbir soraglar bar.

“Ozaly bilen bellemeli zat, Magtymgulynyň “Türkmeniň” diýen goşgusyndanam bir bent okady prezident. Ýöne bellemeli zat, şol “Türkmeniň” Magtymgulynyň goşgusy däl. Sebäbi onuň gürrüňi gaty aňyrdan gaýdýar. 1944-nji ýylda filolog Gylyç Mülliýew “ine şuny meniň kakam il içinden ýygnapdyr” diýip, getirip 212 sany goşgyny Ylymlar Akademiýasyna tabşyrýar. Şolaryň içinde “Türkmeniň” diýen goşgusam bar. Bellemeli ýagdaý, goşgular arap grafikasynda ýazylan däl-de, eýsem 1928-nji ýyldan 1940-njy ýyla çenli ulanylan latyn grafikasynda ýazylan goşgular. Soň ol hakynda geçen asyryň 50-nji ýyllarynda uly edebi jedeller boldy, soň garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 20-nji asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda-da uly jedeller boldy metbugatda. “Şol goşgular Magtymgulynyňky däl, ýöne Gylyç Mülliniň özüniň ýa-da kakasynyň ýene gaýrynyň ýazan goşgulary” diýen jedeller boldy. Sebäbi “Türkmeniň” goşgusy häzirki türkmeniň kartasy göz öňünde tutulyp ýazylan goşgy. Meselem: “Jeýhun bilen bahry Hazar arasy/Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň”...Hawa, şu günki Türkmenistan Jeýhun bilen bahry Hazar arasynda ýerleşýär...” diýip, Bugaýew bu ýagdaýyň “ýönesini” düşündirdi.

Onuň ynanjyna görä, Türkmenistanyň Jeýhun, ýagny bu günki Amyderýa bilen bahry Hazar, ýagny Hazar deňziniň arasynda ýaýylyp ýatan territorial çägi Magtymgulydan tas 100-120 ýyl soň kesgitlenildi.

Magtymguly Pyragy XVIII asyr töwereklerinde ýaşap geçen görnükli türkmen şahyrydyr. Onuň agzybirlik, ahlak gözelligi, watansöýüjilik ýaly temalarda ýazan goşgy setirleri bu gün türkmen halkynyň arasynda başa togap edilýär.

Magtymgulynyň ýaşan döwründe türkmen halkynyň Jeýhun bilen bahry Hazar arasyny öz içine alýan umumy territorial şahsyýeti ýagny territorial kimligi heniz kemala gelmändi.

Magtymgula soňundan dakylandygy aýdylýan goşgularyň töweregindäki jedelleri soňlugy bilen sowet hökümeti Kommunist partiýanyň diýdimzor görkezmeleri basyp ýatyrýar.

Garaşsyzlyk alnan Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýazyjy-şahyrlardan “bu gürrüňleri goýmagy” soraýar.

Ynha Nyýazowyň bu jedeller barada gürrüňi goýdurmagyndan iki onýyllyk, Magtymgulynyň ýaşap öten döwründen iki ýüz ýyllyk geçenden soň, jedelli goşgular Magtymgulynyň öz adyndan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde döwlet baştutany tarapyndan okalýar. Halk döwlet bilen bitewilige, agzybirlige çagyrylýar.

Ezizowyň setirleri

Prezident Berdimuhamedowyň okan goşgularynyň arasynda sowet türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerinden Gurbannazar Ezizowyň watançylyk hakdaky setirleri hem bar.

“Biz näme bolsak şol bolaly,

Bolsa bolýar, eziz Watan...”

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu goşgularyň ýazylan döwrüniň konýunkturalaryny nazarda tutup, bu setirleriň zamanamyzyň ideologiýa spektrine gabat gelmeýändigini aýdýar.

Gurbannazar Ezizowyň “näm bolsak şol bolaly” diýen goşgy setirlerini döwlet baştutanynyň watançylyk ruhuny wagyz etmek üçin halk köpçüliginiň öňünde okamagy “watançylyk” we “milletçilik” temalary bilen bagly gürrüňlere ýol açdy.

Watançylyk, ýagny patriotizm bilen milletçilik, ýagny nasionalizm ruhuny deňeşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy.

Aşgabatly ýazyjy Bugaýew “biz näm bolsak şol bolaly” diýdirip, ogullaryny agyr günde köseýän watanyň watançylygynyň ynandyrjylygyny sorag astyna alýar.

"Watançylyk ýagşy, milletçilik ýaman?"

“Patriotizm, ýagny watançylyk bilen nasionalizmiň ýagny milletçiligiň tapawudy patriot, ýagny watançy öz ýurduna ýurduň edýän işleri sebäpli buýsanýar, ýöne nasionalist, ýagny milletçi öz ýurduna ýurduň edýän işlerine garamazdan buýsanýar. Birinji duýgy öz ýany bilen jogapkärçilik getirýär, ýöne ikinji şowa kör ulumsylyk urşa ýol açýar” diýip, amerikaly esseçi we drama tankytçysy Sidneý Harris (Sydney J. Harris) ýazýar.

Garaşsyzlykdan soňky “ruhnamaçy” türkmen milletçiligini öwrenen daşary ýurtly alymlar ýurtda döwlet aparady tarapyndan ýöredilen milletçilik syýasatyny, media we metbugat serişdeleri arkaly gije-gündiz ýaýradylan syýasy wagzy, tutuş milletiň kimligine lideriň şahsyýetiniň ýokardan mejbury diredilmeginiň halk-döwlet bitewiligi hökmünde görkezilmäge synanyşylmagyny, köp-pikirliligiň ýykylyp ýok edilmegini tankyt edýärler.

Eýsem, şowa kör milletçiligiň täsiri dälmi, dünýäniň taryhynda ikinji jahan gyrgynçylygyna ýol açan sebäpleriň hatarynda, millionlarça adamyň janyny alan, millionlarça adamy ýesir, ýene millionlarçasyny ýetim galdyran!? Hut şol şowa kör milletçiligiň hyýaly duşman küýsegi dälmi, Holokost ýaly adamzat taryhynyň utanç sahypalarynda 6 million bendäni ölüm lagerlerinde jebir süteme sezewar eden.

Ýöne medeniýetleri we milli aňyýetleri öwrenýän alymlar täze türkmen milletçiliginde hyýaly daşarky duşmanyň ýokdugyny aýdýarlar.

Haýsy "biz" we haýsy "watan"?

Temadan daşlaşmazdan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň “Biz näme bolsak şol bolaly / Bolsa bolýar, eziz watan...” diýen setirlerdäki “biz” we “watan” aňlatmalarynda haýsy biz we haýsy watan barada gürrüň barýandygyny hakda aýdan sözlerini bilelikde diňläliň:

“Gurbannazar uly şahyr. Men onuň mazaryny daşlamak ýa-da şahyrlygyna şek ýetirmek niýetim ýok. Biz diýlende ýurt raýatlaryny göz öňünde tutýar. Özem sowet soýuzynyň entek yraň atmaýan döwri, tersine Brežnewiň zadyň döşüne ýyldyz üstüne ýyldyz dakynyp, ösen sosializmi gurýarys, ynha kommunizme barýarys diýýän döwri ýazylan goşgy ol. Biz diýlende SSSR graždanlary göz öňünde tutulýar. “Biz näm bolsak şol bolaly” diýýär, eger “es-es-es-eri” SSSR edip oturan raýatlar ýok bolup gitse-de, gaýadan uçsa-da, aç suwsuzlykdan ýok bolsa-da hasaba alnanok-da, “bolsa bolýar, eziz watan” diýýär. Watan kim ol, özüniň raýatlary bolmasa, öz raýatlarynyň aladasyny etmeýän bolsa!? Berdinazar Hudaýnazarowyň bir gowy goşgusy bar:

“Iýdi:r, geýdi:r, sen diýip jan serekdir,

Sizem oglanlykdan saýlanjak boluň,

Sebäp watana-da hossar gerekdir”, diýýär” diýip, Bugaýew aýtdy.

Soňra prezident Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde sowet türkmen şahyry Kerim Gurbannepesowyň şeýle setirlerini okady:

Diňe enem-atam, Watan öňünde,

Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen.

Watan mukaddesdir

“Ata-enäniň öňünde-de baş egmeli. Watan uly zat. Watan üçin nijeme adamlar başyny goýdular, toprak üçin. Watan diýmek, halkyň öz ykbalyny özüne kesgitlemäge şert döretmek diýmek Watan diýmek halkyň hal ýagdaýynyň, edil jennete-hä öwrüp bolmaz welin jemgyýeti, ýöne şonuň dowzaha öwrülmezligi üçin – Watan!” diýip, Bugaýew belledi.

Onuň sözlerine görä, sowet döwründe ýazyjy-şahyrlar eserlerinde komunistitki ideologiýany aşa mahabatlandyrýardy.

Aşgabatly ýazyjy şeýle sözler bilen söhbetdeşligi jemledi:

“Watan diýlen düşünjäni beýle ownatmaly däl. Watan beýikligine durmaly. Watanyň beýikligine durmagy üçin hem döwleti edara edýänler watanyň hossardygyny, watanyň öz perzentlerine mydama arka durýandygyny döwleti edara edýän ýolbaşçylar il-günüň aňyna ýetirmeli. Şony özleriniň anyk işleri bilen subut etmeli”

XS
SM
MD
LG