Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owgan hökümetini “birikdiriji gepleşikçiler toparyny” döretmäge çagyrýar


Zalmaý Halilzad
Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili owgan hökümetini “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerine goşulmak üçin “birleşdirilen, içine alyjy we milli gepleşikçiler toparyny” döretmäge çagyrdy.

Zalmaý Halilzad owgan gepleşikçiler toparynyň öz içine “owgan hökümetiniň we beýleki owganlaryň”agzalaryny hem almalydygyny aýtdy.

Halilzad bu çagyryşy 22-nji fewralda, Ankarada rus kärdeşi, ilçi Zamir Kabulow bilen owgan parahatçylyk prosesini ilerletmegiň çäreleri barada eden maslahatyndan soň, twitter arkaly etdi.

"Ilçi Kabulow bilen men gepleşiklere dahylly syýahat päsgelçiliklerini aradan aýyrmak mümkinçiligi barada hem maslahat etdim” diýip, Halilzad aýtdy.

Halilzad bilen Kabulowyň 22-nji fewraldaky duşuşygy ABŞ diplomatlary bilen “Talyban” agzalarynyň nobatdaky gepleşikler tapgyrynyň öň ýanynda boldy. Indiki gepleşik Kataryň paýtagty Dohada, 25-nji fewralda bolmaly.

Owgan "Talybanynyň" ýolbaşçylary 21-nji fewralda öz täze syýasy ýolbaşçylarynyň, “Talybany” esaslandyryjylaryň biri we harby weteran, molla Abdul Gani Baradaryň 25-nji fewraldaky gepleşiklere syýahat dokumentlerini almak kynçylygy sebäpli gatnaşmajakdygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG