Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katardaky gepleşiklere “Talybanyň” syýasy lideri Baradar hem gatnaşar


Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

“Talyban” bilen ABŞ-nyň wekilleriniň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry şu hepde geçirilip, oňa jeňçi toparynyň esaslandyryjylarynyň biri Molla Abdul Ghani Baradar hem gatnaşar. Bu barada “Talyban” we Katardaky diplomatiki çeşmeler maglumat berýärler.

Kataryň paýtagtynda 25-nji fewralda başlanmagyna garaşylýan gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky 17 ýyllyk urşy tamamlamak we ýurtdan daşary ýurt güýçlerini çykarmak barada maslahat ediljekdigi aýdylýar.

ABŞ-nyň toparyna Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad ýolbaşçylyk eder.

Mundan öň, “Talybanyň” liderleri özleriniň täze syýasy ýolbaşçysy Baradaryň, syýahat etmek üçin dokumentleri almakda kynçylyk çekýändigi sebäpli, gepleşiklere gatnaşmajakdygyny aýdypdylar. Mundanam başga, Baradaryň gepleşiklerdäki roly barada hem “Talybanyň” liderleriniň arasynda dürli garaýyşlaryň bardygy bellenilýär.

Baradar geçen oktýabrda Pakistanyň türmesinden boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG