Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan düýbi Pakistandaky jeňçilere “öňüni alyş” howa zarbalaryny urdy


Hindi harby uçary. Arhiw suraty
Hindi harby uçary. Arhiw suraty

Hindistan dawaly Kaşmir sebitiniň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde jeňçilere garşy “öňüni alyş” howa zarbalaryny urandygyny mälim etdi. Mundan öň, ýagny şu aýyň başynda Kaşmirde janyndan geçeniň hüjümi amala aşyrylypdy.

Daşary işler sekretary Wijaý Gokhale Balakot sebitiniň nyşana alnandygyny mälim etdi. Ol Kaşmiriň de facto, ýagny iş ýüzündäki serhet araçäginden 80 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Mundan öň, Pakistanyň harbylary Hindistany özüniň howa giňişligini bozmakda aýyplady we muňa jogap edip, öz harby uçarlaryny howa galdyrdy.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi Nýu-Delä Pakistana garşy çykmazlygy duýdurdy.

Bu 1971-nji ýyldaky iki goňşy döwletiň arasyndaky uruşdan soň, serhediň garşy tarapyna amala aşyrylan ilkinji hüjüm boldy.

Kaşmiriň Hindistan tarapynda, düýbi Pakistanda ýerleşýän “Jaiş-e-Mohammad” jeňçi toparynyň öz üstüne alan hüjümi netijesinde 41 hindi esgeri öldürilenden soň, Yslamabat bilen Nýu-Deliniň dartgynly gatnaşyklary has-da ýitileşdi.

XS
SM
MD
LG