Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Hindistan Kaşmirde biri-biriniň söweş uçarlaryny urandygyny aýdýarlar


Pakistanyň harbylary urup düşürendigini aýdýan hindi uçarynyň böleginiň golaýynda durlar. 27-nji fewral, 2019 ý.
Pakistanyň harbylary urup düşürendigini aýdýan hindi uçarynyň böleginiň golaýynda durlar. 27-nji fewral, 2019 ý.

Pakistan dawaly Kaşmir regionynda Hindistanyň harby howa güýçleriniň iki uçaryny atyp gaçyrandygyny we iki piloti ele salandygyny aýdýar.

27-nji fewralda Pakistanyň harbylary ýurduň harby howa güýçleriniň Kaşmirde Kontrollyk liniýasyndan geçen iki söweş uçaryny urup gaçyrandygyny habar berdiler.

Metbugat wekili general-mayor Asif Gafuryň aýtmagyna görä, uçarlaryň biri Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan bölegine, beýlekisi hem regionyň hindi kontrollygyndaky bölegine gaçypdyr.

Gafur şeýle hem ele salnan pilotlaryň biriniň ýaralanandygyny we onuň harby keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Hindistanyň harby howa güýçleriniň bir sözçüsi bolsa Pakistanyň bu beýanaty barada elinde maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Ýöne Hindistandan gowuşýan habarlarda bir hindi uçarynyň Hindistanyň kontrollygyndaky Kaşmirde heläkçilige uçrandygy aýdylýar.

“Reuters” habar gullugy ady agzalmadyk bir polisiýa işgäriniň heläkçilikde iki pilotyň we parahat ilatdan hem bir adamyň öldendigini aýdandygyny habar berdi.

Mundan ozal Pakistan Kontrollyk liniýasynyň töwereginde howa zarbalaryny amala aşyrandygyny aýdypdy. Hindi häkimiýetleri bolsa Pakistanyň harby uçarlarynyň yza serpikdirilendigini aýtdylar.

Bu hadysalar Hidistanyň söweş uçarlarynyň Pakistanyň demirgazyk gündogaryna howa zarbasyny uranyndan bir gün soňra bolýar. Deli bu ýerde jeňçileriň türgenleşik lageri bar diýýar.

14-nji fewralda ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan Kaşmirde janyndan geçen bir hüjümçi hindi esgerlerinden azyndan 41 adamy öldüreli bäri, Yslamabat bilen Deliniň arasynda ýiti dartgynlyk höküm sürýär.

Dörän dartgynlyklar sebäpli Pakistanyň Raýat awiasiýa häkimiýeti “indiki maglumata çenli” ýurduň howa giňişliginiň ýapylandygyny habar berdi. Aýdylmagyna görä, hindi häkimiýetleri hem ýurduň demirgazyk sebitlerinde we Kaşmirde birnäçe aeroporty ýapypdyrlar.

Pakistanyň daşary işler ministrliginiň bir beýannamasynda harby howa güýçleri tarapyndan Kontrollyk liniýasynda “amala aşyrylan zarbalarda harby däl nokatlaryň” nyşana alnandygyny aýdylýar. Şeýle hem “biziň ýagdaýy ýaramazlaşdyrmak niýetimiz ýok” diýilýär.

Beýannamada uçarlaryň atylyp gaçyrylandygy agzalanok.

Şu gün irräk Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj ýagdaýy köşeşdirmäge synanyşyp, öz ýurdunyň “dartgynlygy mundan artyk ýaramazlaşmagy arzuw etmeýändigini” aýtdy.

Ol Hytaýa eden saparynyň dowamynda: “Hindistan jogapkärçilikli we aram hereket eder” diýdi.

Rawalpendide geçen metbugat ýygnagynda Gafur Pakistan-da “ýagdaýyň ýaramazlaşmagyny islänok” diýip, Delini gepleşiklere çagyrdy.

“Biz urşa gitmekçi däl” diýip, Gafur aýtdy.

27-nji fewralda Pakistanyň polisiýasy hindi esgerleriniň Kontrollyk liniýasyna atan top oklarynyň parahat ilatdan alty adamy öldürendigini aýtdy.

Hindistan özüniň 26-njy fewralda uran howa zarbalarynyň “örän köp mukdarda” jeňçileri öldürendigini aýtdy. Pakistan heläkçilige uçran adamlaryň bolandygyny inkär edip, özüniň hindi “agressiýasy” diýýänine gaýtawul berjekdigini nygtady.

14-nji fewralda Hindistanyň howpsuzlyk güýçlerine edilen hüjümi ýarym harby topar Jaýşi-Mohammad öz üstüne aldy.

Hindistan hüjümde öz goňşusynyň “göni eliniň” bardygyny aýdyp, ony jeňçilere gaçybatalga bermekde aýyplaýar. Yslamabat hem muny ret edýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Hindistan bilen Pakistany harby işjeňlikden saklanmaga çygyrdy.

Ol 26-njy fewralda beren beýanatynda özüniň hindi we pakistanly kärdeşleri bilen gürleşendigini bildirdi.

Pompeo şeýle diýdi: “Men iki ministre-de Hindistan bilen Pakistany aram hereket etmäge, haýsy bahasyna hem bolsa, ýagdaýy ýaramazlaşyrmakdan saklanmaga çagyrýandygymyzy mälim etdim. Iki ministri-de göni habarlaşmagy ileri tutmaga we indi harby işjeňlikden saklanmaga çagyrdym”.

Hindistan Pakistanyň territoriýasyna howa zarbasyny uranyndan soňra Ýewropa Bileleşigi bilen Pakistanyň ýarany Hytaý-da iki ýurdy “aram” herket etmäge çagyrdylar.

Kaşmir 1947-nji ýylda Britaniýadan garaşsyzlygyny alanyndan soňra ýadro ýaragly Hindistan bilen Pakistan arasynda dawaly regionyň üstünde iki-üç gezek uruş turdy.

XS
SM
MD
LG