Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” hüjüminde onlarça owgan esgeri öldürildi


Owgan harbylary. Arhiw suraty
Owgan harbylary. Arhiw suraty

Owgan güýçleri “Talybanyň” ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatyndaky iri harby baza garşy 28-nji fewralda başladan hüjümini yza serpikdirmegi başardylar.

Owgan resmileriniň beren maglumatyna görä, ok atyşlykda azyndan 25 owgan esgeri öldürilipdir. Hüjümde dokuz jeňçiniň, şol sanda janyndan geçen üç hüjümçiniň hem öldürilendigi aýdylýar.

“Talyban” 48 sagadyň içinde strategiki Şorab harby birikmesine üç gezek hüjüm etdi.

“Talyban” owgan esgerleriniň onlarçasynyň öldürendigini öňe sürýär. Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, hüjümde ýokary derejeli owgan komandiri hem heläk bolupdyr.

Hüjüm ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň Katarda “Talyban” bilen alyp barýan parahatçylyk gepleşiklerine gabat geldi.

“The New York Times” neşirinde çap bolan makalada bellenmegine görä, häzirki maslahat edilýän ylalaşykda öňümizdäki 3-5 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň güýçlerini ýurtdan çykarmak, şeýle-de “Talybanyň” wekilleriniň hem gatnaşmagyndaky hökümeti düzmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG