Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Orsýet generallary Wenada Siriýadaky ýagdaýy maslahatlaşýar


ABŞ generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford, arhiw suraty.
ABŞ generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford, arhiw suraty.

ABŞ-nyň we Orsýetiň ýokary derejeli genarallary Siriýadaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin duşuşýar, bu iki ýurt, Eýran we Türkiýe bilen bilelikde, Ýakyn Gündogar ýurdundaky sekiz ýyllyk raýat urşuna harby taýdan ilteşikli bolup durýar.

Amerikan generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford we Orsýetiň Baş harby ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow 4-nji martda Wenada bolýan duşuşykda beýleki möhüm meseleler barada hem pikir alşarlar diýip, harby ýolbaşçylaryň sözçüsi aýtdy.

"Iki harby lider Siriýadaky koalisiýa we rus operasiýalarynyň bir-birine gapma-garşy gelmezligi barada maslahat eder, mundan başga-da olar ABŞ-Orsýet harby gatnaşyklarynyň durumy we Ýewropadaky häzirki halkara howpsuzlyk ýagdaýy we beýleki meseleler hakynda pikir alşarlar” diýip sözçi, polkownik Patrick Ryder aýtdy.

XS
SM
MD
LG