Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegroda müňlerçe adam "korrumpirlenen" ýolbaşçylara garşy çykdy


Montenegro, Podgorisa, hökümete garşy protest. 2-nji mart, 2019.
Montenegro, Podgorisa, hökümete garşy protest. 2-nji mart, 2019.

Prezident Milo Djukanowiçiň, şeýle-de beýleki hökümet we sud resmileriniň işden çekilmegini talap etmek üçin Montenegronyň, Garadagyň paýtagtynda müňlerçe adam köçelere çykdy. Olar prezidenti we beýleki ýokary derejeli resmileri korrupsiýa göz ýummakda aýyplaýarlar.

Podgorisada 2-nji martda bolan protest soňky hepdelerde geçirilen şeýle protestleriň dördünjisi boldy. 10 müňden gowrak diýip hasaplanan protestçiler mähellesine goşulanlar şäher merkezinden ýöriş edip, “Milo, ogry” diýen ýaly şygarlara gygyrdylar.

Bu ýygnanyşyklar Djukanowiçiň ozalky esasy ýarany prezidenti we onuň dolandyryjy Demokratik sosialistler partiýasyny nädürs maliýe işlerinde we korrupsiýada aýyplanyndan soň başlandy.

Djukanowiç bu aýyplamalary ret edýär we häkimiýetler öz gezeklerinde ozalky bankir Dusko Knezewiçi pul ýuwmakda we kezzaplykda aýypladylar.

Knezewiç ýurtdan gaçdy. Djukanowiç we onuň Demokratik sosialistler partiýasy hakykatda ýurda onlarça ýyl bäri ýolbaşçylyk edýär we şu wagta çenli hiç bir garşylyk görmeýärdi.

XS
SM
MD
LG