Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Täjik aktiwisti Duşenbede gynaldy


Şarofiddin Gadoýew
Şarofiddin Gadoýew

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, täjik oppozisiýa aktiwisti bosgunlyk statusy bolan Niderlandlara dolanmazyndan ozal, alnyp gaçylypdyr, ýenjilipdir, şeýle-de Russiýada we Täjigistanda gynamalara sezewar edilipdir.

“Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Stiw Swerdlowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Topar 24” oppozisiýa hereketiniň öňdebaryjy agzasy Şarofiddin Gadoýew geçen aý Moskwada rus polisiýasy we Howpsuzlyk Boýunça Federal Gullugynyň işgärleri tarapyndan alnyp gaçylypdyr.

Gadoýew soňy bilen täjik resmileriniň eline berilýär, olar hem aktiwisti Täjigistanyň paýtagty Duşenbä aşyrýarlar.

“Biz onuň [Moskwadan] Duşenbä gelende zalymlyk bilen ýenjilendigini bilýäris. Onuň egin-başy durşuna gandy” diýip, Swerdlow aýtdy.

Mundanam başga, Gadoýew Moskwanyň aeroportynda kömege çagyrjak bolanynda, täjik howpsuzlyk ofiserleri ony ýenjipdirler we agzyny baglapdyrlar.

Gadoýew geçen aý Niderlandlardaky bosgunlykdan soň, Täjigistanyň paýtagtynda peýda boldy. Täjik resmileri onuň yzyna öz islegi bilen gelendigini öňe sürdüler. Emma, Gadoýewiň daşary ýurtlardaky egindeşleri we tarapdarlary muny ret edip, onuň alnyp gaçylandygyny aýtdylar.

Gadoýew bilen häzirlikçe habarlaşmak başartmady.

XS
SM
MD
LG