Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ÝB-niň edarasyny açmak barada maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary. Arhiw suraty
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan boýunça delegasiýasynyň ýolbaşçysy Kristian Berger bilen duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda ýakyn geljekde ýurtda ÝB-niň edarasyny açmak mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Bu barada Trend agentligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp maglumat berýär.

Mundanam başga, gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyndaky oňaýly ösüşler bellenip geçilipdir.

XS
SM
MD
LG