Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabatdaky aýyplamalar millioner Wardanýan barada täze pikir döredýär


Ruben Wardanýan
Ruben Wardanýan

Hiç kim asly ermeni rus biznesmeni Ruben Wardanýanyň sahylygyna asla şübhe bildirmezdi. Ol 90-njy yýllarda öňdebaryjy post-sowet telekeçisi hökmünde öňe saýlanaly bäri, haýyr-sahawat işlerine we ýaşaýyş-durmuş maksatly inwestisiýalara ýüz millionlarça dollar bagyş etdi.

Ýöne täze derňew hasabatynda açyk-çeşme žurnalistleri Wardanýanyň egindeşliginde döredilen köpmilliardlyk sermaýa bankynyň işgärleriniň 2006-njy ýyldan başlap, Russiýadan gözbaş alýan milliardlarça dollarlary ýuwmaga, salgytdan gaçmaga, emläkleri gizlemäge hem-de halkara gözegçilik guramalarynyň “gözüni baglamaga” ýardam bermek üçin “toslama” söwdalardan we ofşor, ýagny salgytdan azat kompaniýalaryň çylşyrymly torundan peýdalanandygyny öňe sürýärler.

Guramaçylykly Jenaýat we Korrupsiýa Maglumatlary Proýekti (GJKMP) 4-nji martda çap eden hasabatynda Wardanýanyň Troýka Dialogynyň 8.89 miliard dollary ýuwan global pul ýuwujy sistemanyň merkezindedigini aýtdy.

Guramaçylykly Jenaýat we Korrupsiýa Maglumatlary Proýekti Wardanýanyň öz döwründe Troýkanyň prezidenti we başlygy bolandygyny hem-de rus kapitalizminiň günbatar bilen ysnyşykly wekili hökmünde meşhurlyga eýe bolandygyny aýdýar.

GJKMP Wardanýanyň pul ýuwujy shemadan habarlydygyna güwä geçýän gutarnykly subutnamanyň ýokdugyny, ýöne pul ýuwujy toruň binýadyndaky bir kompaniýa berlen karz puly tassyklaýan dokumentde onuň golunyň bolandygyny aýdýar.

“Öz bankynyň ýöreden pul ýuwujy shemasyndan Wardanýanyň habarlydygy ýa-da däldigi anyk aýdyň däl” diýip, GJKMP-niň çap eden hasabaty bilen bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar. “Onuň shemadan habarlydygyny görkezýän göni subutnama ýok”.

Wardanýan pul ýuwujy kompaniýalar atlandyrylýanlardan kredit kartyny we çagalarynyň okuw tölegini tölemek üçin 3.2 million dollar kabul etdi diýip, GJKMP-nyň hasabatynda aýdylýar.

GJKMP Wardanýanyň öz bankynyň hiç hili kanun bozmalara ýol bermändigini, şol döwürde sermaýa banklary nähili iş alyp baran bolsa şeýle iş alyp barandygyny aýdan sözlerini sitirledi. Ýöne ol müşderiler üçin öz bankynyň amala aşyran geçirimleriniň ählisinden özüniň habarly bolup bilmejekdigini hem aýtdy.

“Biz döwrüň maliýe kadalaryna laýyklykda hereket etdik” diýip, Wardanýan sözüniň üstüni ýetirdi.

Wardanýan we onuň hyzmatdaşlary Troýka Russiýanyň iň uly sermaýa bankyna öwrülenden soňra, 2012-nji ýylda ony 1 milliard dollardan gowrak pula döwlet eýeçiligindäki Sberbanka satdy.

“Düşünýärin, men perişde däl” diýip, ol GJKMP-e beren interwýusynda aýtdy. “Russiýada siziň öňüňizde üç ýol bar: ýa rewolýusioner bolmaly, ýa ýurdy terk etmeli, ýa-da “konformist” bolmaly, ýagny bolýan zatlary kabul etmeli . Men “konformist”. Ýöne meniň öz içerki çäklendirmelerim bar; men asla salgyt geleşiklerine gatnaşmadym, men asla jenaýatçylar bilen işleşmedim, men hiç bir syýasy partiýanyň agzasy däl. Şol sebäpden hatda 90-njy ýyllarda-da men janpenasyz aýlanýardym. Men özümi we ýörelgelerimi saklamaga synanyşýaryn” diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň şol wagtky prezidenti Dmitri Medwedow bilen Ruben Wardanýan
Russiýanyň şol wagtky prezidenti Dmitri Medwedow bilen Ruben Wardanýan

Moskwada, Birleşen Ştatlaryň Garward biznes mekdebinde halkara derejesinde bilim alan Wardanýan Troýkanyň esaslandyrylmagyndan soň geçen döwrüň dowamynda ony on ýyldan gowrak wagtlap dolandyrdy.

2018-njy ýylda Financial Times neşirine beren interwýusynda ol aýaly Weronika Zonabend bilen öz baýlyklarynyň 80 %-ni bagyş edendiklerini aýtdy.

Ol birnäçe bilim we ynsanperwerçilik ugrundan başlangyçlary, şol sanda Awrora ynsanperwerçilik inisiatiwasyny esaslandyrmaga gatnaşdy. Awrora ynsnaperwerçilik inisiatiwasy adamkärçilik ugrunda bitiren işleri üçin diýip bu ugurda iş alyp baran adamlary we guramalary ýyllyk 1.1 million dollar sylag bilen sylaglaýar.

Ermenistan – Ermenistanly aktýor Jorj Kluniý bilen asly ermeni rus haýyr sahawatçysy Ruben Wardanýan burundili ynsanperwerçilik işçisi Marguerita Barankitse Awroranyň “Adamkärçiligi oýandyrmak” atly sylagyny gowşurýar. Ýerewan. 24-nji aprel, 2016-njy ýyl.
Ermenistan – Ermenistanly aktýor Jorj Kluniý bilen asly ermeni rus haýyr sahawatçysy Ruben Wardanýan burundili ynsanperwerçilik işçisi Marguerita Barankitse Awroranyň “Adamkärçiligi oýandyrmak” atly sylagyny gowşurýar. Ýerewan. 24-nji aprel, 2016-njy ýyl.

Ol şazada Çarlzyň garamagyndaky Şotlandiýanyň “Dumfries House Estate” bilim merkezi bilen hyzmatdaşlykda bir programma işe girizmek arkaly britan şa maşgalasy bilen hem gatnaşdy.

Ol doglan ýeri bolan Ermenistanyň Tatew kilisesini abatlamak işlerini maliýeleşdirmäge-de ýardam berdi.

XS
SM
MD
LG