Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guterres owgan hökümeti bilen Talybanyň arasynda gös-göni gepleşikleriň geçirilmegine çagyrýar


Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres parahatçylyga diňe “hemmetaraplaýyn owganara dialoglar” arkaly ýetip boljakdygyny aýdyp, Owganystanyň hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda dessine gepleşikleriň geçirilmegine çagyrdy.

7-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine gowşurylan hasabatda Guterres häzirki özgerişikler ýurtda 17 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek üçin “iň möhüm mümkinçiligi döredýäne meňzeýär” diýdi.

“Men bu konfliktiň we onuň kabul ederliksiz pidalarynyň soňuna ýetmegi umyt edip, derhal, gös-göni we obýektiw gepleşikleri başlamaga çagyrýaryn” diýip, ol belledi.

Ol Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen Talybanyň arasynda Katarda geçirilen gepleşiklerde öňe gidişligiň bolandygy baradaky habarlara salgylanyp, olaryň Kabul we söweşiji topar bilen gös-göni gepleşiklere ýolbaşçylyk etmegini umyt edýändigini aýtdy.

“Talyban” ilkibaşda ýurtdaky daşary ýurt güýçleriň çykarylmagyny talap edip, häzire çenli owgan hökümeti bilen gös-göni gepleşikleri geçirmegi ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG