Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozision syýasatçysy şertli ýagdaýda türmeden boşadyldy


Bekbolot Talgarbekow (Çepden ikinji).
Bekbolot Talgarbekow (Çepden ikinji).

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň öňki orunbasary Bekbolot Talgarbekow şertli ýagdaýda türmeden boşadyldy.

Talgarbekowyň ogly Arstanyň 8-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň kakasy bäş ýyl türme tussaglygy tamamlanmagyna alty aý çemesi wagt galanda, 7-nji martda azatlyga goýberilipdir.

Öz wagtynda “Halkyň parlament jemgyýetçilik hereketini” lideri bolan Talgarbekow we onuň birnäçe egindeşi 2016-njy ýylyň maýynda tussag edilipdi. Olar şol wagtky prezident Almazbek Atambaýewiň işden çekilmegini talap edip, ýöriş geçiripdiler.

Ol hökümeti zorluk bilen agdarmak üçin dildüwşük etmekde we ýigrenji öjükdirmekde aýyplanypdy.

2018-nji ýylyň awgustynda Talgarbekow bu aýyplamalaryň ikisinde hem günäli tapyldy we 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Geçen aý Gyrgyzystanyň Ýokary sudy Talgarbekowyň hökümeti agdarmak üçin dildüwşük etmek aýyplamasy boýunça çykarylan hökümi ýatyrdy we onuň tussaglyk möhletini bäş ýyla çäklendirdi.

XS
SM
MD
LG