Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bir jübüt söwda merkezinde nyşanlananyndan soň tussag edildi


Jübüt “jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemsitmekde” aýyplanyp, tussag edildi. Arhiw suraty.
Jübüt “jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemsitmekde” aýyplanyp, tussag edildi. Arhiw suraty.

Eýranda polisiýa bir oglan bilen gyzyň söwda merkeziniň öňünde nyşanlanmagyndan soň, jübüti “jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemsitmekde” aýyplap, tussag etdi.

8-nji martda Ineternetde ýerleşdirilen wideoda görnüşine görä, Eýranyň günbataryndaky Arak şäherindäki söwda merkezinde bir oglan gül desseleriniň öňünde öz hallaşýan gyzyna durmuşa çykmak teklibini edýär. Wideoda gyzyň oglany gujaklaýan, şeýle-de daş-töwerekdäki märekäniň muňa çapak çalýan pursatlaryny hem synlasa bolýar.

Markazi welaýatynyň polisiýa başlygynyň orunbasarynyň beren maglumatyna görä, “jübüt Günbataryň azdyryjy medeniýetinden täsirlenip, jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemsidipdir”, şol sebäpli-de olar tussaghana ýerleşdirilipdirler.

Eýran resmisi jübüdiň soňy bilen bilen girewine azatlyga goýberilendigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG