Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Internetdäki wideolar eýranly aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan “zalymlygyny” görkezdi


Tähranda polisiýa aýalyň lybasyna bellik edýär.
Tähranda polisiýa aýalyň lybasyna bellik edýär.

Sosial torlarynda peýda bolan wideolar Eýranda ahlak polisiýasynyň we hökümetiň “kellekeserleriniň” ýurduň berk egin-eşik syýasatynyň çäklerinde aýallara görkezýän “hopukdyryjy derejedäki kemsitmelerini” görkezdi diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty Inertnational guramasy aýtdy.

“Eýranyň mejbury hijab kanunlary diňe bir kemsidiji bolmak bilen çäklenmän, olar köçelerde aýal-gyzlara edilýän gazaply hüjümleri aklamak üçin hem ulanylýar” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda bellenmegine görä, Eýranda ahlak polisiýasy aýallary saklap, kemsidiji sözleri aýdyp, gorkuzyp baş örtgülerini has ýokary çekmeklerini; ýüzüne çalan makiýažlaryny aýyrmaklaryny talap edýärler.

Mundanam başga, aýal-gyzlaryň ýüzüne şarpyk çalynýan, rezin taýaklar bilen urulýan, elleri gandallanýan ýagdaýlary hem bar diýip, beýanatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG