Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýadaky “terror hüjüminde” 49 adam öldürildi


Kraýstçörçde hüjümde ýaralananlar keselhana äkidilýär. 15-nji mart.
Kraýstçörçde hüjümde ýaralananlar keselhana äkidilýär. 15-nji mart.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç (Christchurch) şäherindäki iki metjide amala aşyrylan hüjümde 49 adam öldürildi, başga-da 20-si ýaralandy.

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Ýasinda Ardern (Jacinda Ardern) bulary “terroristik hüjüm” diýip atlandyrdy.

“Muny diňe terroristik hüjümi hökmünde häsiýetlendirip bolar” diýip, Ardern aýtdy.

Premýer-ministr ýurtda iň ýokarky hüşgärlik derejesiniň yglan edilendigini, şeýle-de dört adamyň, üç erkek kişi bilen bir aýalyň tussaghana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Polisiýa resmisi Maýk Buş (Mike Bush) iki metjide amala aşyrylan hüjümde 49 adamyň öldürilendigini, başga-da 20-siniň ýaralanandygyny aýtdy. Ol 20 ýaşlarynyň aýagyndaky bir şahsyýete adam öldürmek aýyplamasynyň bildirilendigini hem belledi.

Al Noor metjidinde ýaralanan owganystanly Mirwais Waziri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde şeýle gürrüň berdi:

"Metjidiň adatdan daşary ýagdaýlar üçin iki çykalgasy bardy. Men olaryň birine tarap ugradym. Ok atyşyk dowam edýärdi. Adamlar ýerde ýatyrdylar. Gapylaryň öňi hem adamlardan doludy. Men hem beýleki adamlar ýaly ýere ýatdym. Ok meniň kellämiň golaýyndan geçip, kiçi ýara saldy. Hudaýa şükür, men diri galdym. Emma, köp kişi şehit boldy we ýaralandy" diýip, Waziri belledi.

Al Noor metjidinde bolandygyny aýdýan başga bir adam hüjümçiniň sary saçly ak adamdygyny, şeýle-de onuň kaskaly we oklardan goraýan keltekçeli bolandygyny gürrüň berdi.

Hüjümçi adamlaryň namaza duran pursady metjide kürsäp girdi.

“Onuň uly ýaragy bardy... ol gelip, metjitdäki ähli kişini oka tutup başlady” diýip, Ahmad Al-Mahmoud atly adam gürrüň berdi. Ol beýlekiler bilen birlikde aýna gapylary döwüp, metjitden gaçyp çykandyklaryny hem sözüne goşdy.

Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison tutulanlaryň birini awstraliýanyň raýatydygyny tassyklady.

Hüjümi amala aşyrandygyny aýdýan şahsyýet özüniň 28 ýaşly ak awstraliýalydygyny, şeýle-de Täze Zelandiýa diňe hüjümi gurnamak we amala aşyrmak üçin gelendigini aýtdy.

Polisiýa Täze Zelandiýadaky ähli metjitlere gapylaryny ýapmak barada görkezmäniň berlendigini aýtdy.

Ardern çykyşlarynyň birinde hüjümleri “Täze Zelandiýanyň iň gara günleri” diýip atlandyrdy.

“Bu ýerde akla sygmajak, görlüp-eşidilmedik gazaplylyk bolup geçdi” diýip, Ardern belledi.

XS
SM
MD
LG