Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada metjitlerde ok atmakda aýyplanýana resmi aýyplama bildirildi


Polisiýa Al Noor metjidiniň daşyny gabady.

Täze Zelandiýada iki metjitde ýaraglardan ot açmakda aýyplanýan 28 ýaşly awstraliýaly bir erkek kişi ilkinji gezek sud diňlenişigine geldi.

Kraýstçörç (Christchurch) şäherindäki diňlenişikde Brenton Tarrantyň elleri gandallydy. Ol suduň zalyna giren pursady elleri bilen başaşaklygyna “OK” diýlip bilinýän yşaraty görkezdi. Bu köpler tarapyndan “ak güýç” yşaraty hökmünde hem kabul edildi.

Tarranta adam öldürmek boýunça aýyplama bildirilende, ol hiç hili emosiýa görkezmedi.

Aýyplanýan 5-nji aprele bellenen nobatdaky sud diňlenişigine çenli tussaglykda saklanar.

16-njy martda Täze Zelandiýa matam tutdy. Mundan bir gün öň, Kraýstçörçde iki metjide edilen hüjümde 49 adam öldürilip, 20-si hem ýaralanypdy. Premýer-ministr Jasinda Ardern hüjümi Täze Zelandiýanyň taryhyndaky “iň gara günleriň” biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Tarrantyň ak supermasistdigi çaklanylýar. Supermasist bu belli bir toparyň özüni jyns häsiýeti boýunça beýlekilerden üstün saýmagyny aňladýar.

Ýaragly hüjümlerini maňlaýyna ýerleşdiren kamera arkaly göni efirde ýaýlyma berdi. Mundanam başga, ol hüjümiň öňüsyrasyndaky manifestinde musulmanlara garşy çykyşlary etdi.

Ol azyndan bäş ýaraglar bilen ýaraglanyp, öýle namazy wagty, Al Noor metjidine girip, adamlary atyp başlady. Mundan soň, onuň sebiti terk edip, Linwood Masjid metjidine baryp, ýene-de adamlary oka tutandygy çaklanylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG