Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada metjitlere edilen hüjümde üç we 77 ýaş aralygyndaky adamlar öldürildi


Hüjümlerde 50 adamyň öldürilendigi tassyklandy.
Hüjümlerde 50 adamyň öldürilendigi tassyklandy.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç (Christchurch) şäherindäki iki metjide edilen hüjümde üç we 77 ýaş aralygyndaky adamlar öldürilipdir.

Täze Zelandiýa 15-nji martda öldürilenler bilen baglylykdaky soňky jikme-jik dokumenti indi çap etmeli. Emma, 17-nji martda hüjümlerde öldürilenleriň sanawy peýda boldy.

Sanawda 44 erkek kişiniň we dört aýal maşgalanyň ady geçýär. Hüjümlerde 50 adamyň öldürilendigi tassyklandy. Bu sanawda ýene iki kişiniň adynyň görkezilmändigini aňladýar.

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern munuň “resmi sanaw” däldigini aýtdy. Ol “ähli anyklaýyş işleri geçirilenden soň, resmi sanawyň çap ediljekdigini” belledi.

Hüjümde başga-da 40-a golaý adam ýaralandy. Olaryň köpüsinň ýagdaýy agyr bolmagyna galýar.

15-nji martda Kraýstçörç şäherinde ýaragly bir adam öýle namazy wagty Al Noor metijidine girip, onlarça adamy öldürdi. Mundan soň, ol başga bir metjide gidip adamlary oka tutmagyny dowam etdirdi.

Hüjümler bilen baglylykda 28 ýaşly awstraliýaly bir adam tussag edildi; oňa adam öldürmek aýyplamasy bildirildi. Onuň ak supermasistdigi çaklanylýar. Supermasist bu belli bir toparyň özüni jyns häsiýeti boýunça beýlekilerden üstün saýmagyny aňladýar.

Ýaragly internetde hüjümleriniň wideosyny ýerleşdirdi. Mundanam başga, ol hüjümiň öňüsyrasyndaky manifestinde musulmanlara garşy çykyşlary etdi.

Facebook hüjümden soňky 24 sagadyň dowamynda öz platformasyndan bu wideolaryň 1.5 million nusgasyny öçürendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG