Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Utrehtdäki hüjüm bilen ilteşikli bir şübheli we başga-da iki adam tussag edildi


Utrehtde ok atyşykdan soň, polisiýa wakanyň bolan ýerini derňeýär.
Utrehtde ok atyşykdan soň, polisiýa wakanyň bolan ýerini derňeýär.

Gollandiýanyň Utreht şäherinde ýaragly hüjümçi tramwaýda ot açyp, üç adamy öldürmeginiň we başga-da bäş sanysyny ýaralamagynyň yzýany, bir adam tussag edildi diýip, resmiler aýdýarlar.

Polisiýa şübheliniň 18-nji martda tussaghana alnyp gidilendigini aýtdy.

Bu wakadan soňra golland mediasy bu hüjüm bilen ilteşikli başga-da iki adamyň tussaghana alnyp gidilendigini habar berdi. Ýöne olaryň tussag edilmeginiň sebäpleri ýa-da olaryň waka bilen ilteşigi häzirlikçe nämälim bolup galýar.

Resmiler bu wakanyň terrorizm bilen ilteşiginiň bolup biljekdigini aýdýarlar.

Ýurduň terrora garşy göreşýän polisiýasy Gokmen Tanis diýlip atlandyrylýan 37 ýaşyndaky türk adamy gözleýän mahaly, mekdepler ýapyldy we aeroportlarda hem-de beýleki esasy binalarda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Hüjümiň bolan wagtyndan ençeme sagadyň geçendigine garamazdan, ýaragly adamyň ot açmagynyň sebäpleri nämälim bolmagynda galýar.

Prokuror wakanyň “maşgala sebäpleri” bilan ilteşikli amala aşyrylan bolmagynyň mümkindigini aýtdy we Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki habar serişdesi şübheliniň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp, onuň tramwaýdaky garyndaşyna ot açandygyny we soňra oňa kömek etmäge synanyşan beýleki adamlara hem ot açandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG