Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň polisiýasy Nowruz günleri ençeme şäherde protestçileri tussag etdi


Almaty, 22-nji mart, 2019
Almaty, 22-nji mart, 2019

Gazagystanyň polisiýasy häkimiýetleriň paýtagtyň adyny wezipeden çekilen prezident Nazarbaýewiň hormatyna Nursoltana öwürmek kararyna garşylyk bildirip, 22-nji martda Astanada, Almatyda, we ýene birnäçe şäherde köçä çykan protestçileriň onlarçasyny tussag etdi.

Tutha-tutluklar Nowruz baýramçylygynyň bellenýän döwrüne gabat geldi. Astanada polisiýa ofiserleri plakatlary göterip duran protestçiler bilen ýakalaşdy we olary tussag edip, ýany bilen alyp gitdi.

"Nastoýaşeýe Wremýa" telewideniýesiniň habarçysy Swetlana Gluşkowa tussag edilenleriň arasynda boldy. Şol bir wagtyň özünde-de, baýramçylyk geýimlerine geýnen erkek adamlar we aýal maşgalalar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Astanadaky habarçylarynyň daşyny gabap, protestçileriň tussag edilmegini surata almagyna päsgel bermäge çalyşdy.

"Bu Nowruz! Biz barada habar beriň!" diýip, toý çäreçileri habarçylaryň daşyna üýşdüler we olaryň kameralaryny gazet bilen ýapyp, tutha-tutluklaryň ýazga alynmagyna päsgel berdiler.

21-nji martda Astananyň polisiýasy paýtagta Nazarbaýewiň adynyň dakylmagyna protest bildiren 20 çemesi adamy tussag etdi.

XS
SM
MD
LG