Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň kanunçykaryjylary Muelleriň Russiýa baradaky hasabatynyň bata-bat aýan edilmelidigini aýdýarlar


Ýörite geňeşçi Robert Mueller
Ýörite geňeşçi Robert Mueller

ABŞ-nyň kanunçykaryjylary Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy boýunça derňewi alyp baran ýörite geňeşçi Robert Muelleriň derňewiniň netijeleriniň gysga wagtyň içinde aýan ediljekdigine umyt bildirdiler.

22-nji martda Mueller 22 aýa çeken derňewiň netijeleri boýunça hasabatyny baş prokuror William Barra hödürledi. Barr hasabat boýunça özüniň prinsipial netijesini “şu hepde soňy” hem Kongrese aýan edip biljekdigini aýtdy.

Hasabatyň anyk haýsy bölümleriniň ilat köpçüligine ýetiriljekdigini Barr, Adalat Departamenti, Kongress we Ak Tam çözer.

Kanuna laýyklykda, Mueller derňewi tamamlanandan soň, hasabaty hödürlemäge borçlandyryldy. Barr onuň aglaba bölegini köpçülige aýan etmek isleýändigini aýdypdy.

Emma, kanun Barra hasabatyň anyk haýsy bölümleriniň aýan edilmegi boýunça giň ygtyýarlyklary berýär. Kongresde prezident Donald Trampyň Ak Tamynyň hasabatyň iň ýiti ýerlerini ýaşyrmaga synanyşmagynyň mümkindigi boýunça käbir aladalar döräpdi.

Demokratlar hasabatyň Ak Tam tarapyndan gözden geçirilmegine garşy çykyp, onuň dolulygyna ilata ýetirilmelidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG