Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Facebook Russiýa, Eýran, Makedoniýa we Kosowa bilen ilteşikli ýene-de ýüzlerçe hasaby aýyrdy


Ilýustrasiýa suraty

Facebook sosial ulgamy “utgaşykly hakykata gabat gelmeýän häsiýetde özüni alyp barmagy” diýip, Russiýadan, Eýrandan, Makedoniýadan we Kosowadan ýene-de ençeme hasaby aýyrandygyny aýdýar.

Bu ýurtlaryň dördüsi bilen ilteşikli iş alyp barýan sahypalaryň, toparlaryň we hasaplaryň jemi 2632 sanysy Facebook we Instagram sosial ulgamlaryndan aýryldy diýip, dünýäniň iň uly sosial ulgamy özüniň 26-njy martda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Beýanatda şol sahypalaryň, toparlaryň we hasaplaryň 1907 sanysynyň Russiýa, 513 sanysynyň Eýran bilen ilteşiklidigi bellenilýär. Olaryň 212 sanysy Makedoniýa we Kosowa bilen ilteşiklidir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG