Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Filippinlerde prezidentiň tankytçysyny tussag edip, soňra girew astynda boşatdylar


Filippinli žurnalist Maria Ressa, 29-njy mart, 2019 ý.
Filippinli žurnalist Maria Ressa, 29-njy mart, 2019 ý.

Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterteniň gönükli tankytçysy filippinli žurnalist Maria Ressa 29-njy martda tussag edildi. Metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän adamlar Ressanyň tussag edilmegini onuň habar websaýtynda hökümet barada çap eden ýiti makalalary üçin ar alyş diýip atlandyrýarlar.

Ressa daşary ýurda eden saparyndan soň, Manilanyň aeroportyna gelende saklanylyp, tussaghana alnyp gidildi. Soňra ol girew astynda tussaglykdan boşadyldy.

“Bu ýurtda metbugat hüjüm astynda. Kanunyň hökmürowanlygy ýaraglandy” diýip, Ressa azatlyga goýberilenden soňra žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Soňky aýlarda Ressa we onuň “Rappler” atly websaýty jenaýat aýyplamalarynyň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa, Ressanyň we onuň websaýtynyň edýän işi sebäpli nyşana alynýandygy barada öňe sürmeleriň peýda bolmagyna getirdi.

Duterteniň administrasiýasy Ressanyň işiniň metbugat azatlygy meselesi bilen ilteşiklidigi baradaky öňe sürmeleri ret edýär.

Soňky aýyplamalarda Ressanyň we onuň “Rapplerdäki” kärdeşleriniň daşary döwletiň eýeçiligindäki media baradaky düzgünleri bozandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG