Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky silde 14 adam öldi


Kandagarda martyň başynda ýagan agyr ýagyşdan soň ýykylan jaý.
Kandagarda martyň başynda ýagan agyr ýagyşdan soň ýykylan jaý.

Owganystana gelen silde azyndan 14 adam heläk boldy. Resmiler Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna günbatardaky Hyrat welaýatynda sil netijesinde 9 adamyň ölendigini, ýurduň demirgazyk-günbatarynda bolsa silden 5 adamyň ölendigini aýtdylar.

Ýerli we BMG resmileriniň maglumatlaryna görä, soňky gelen suw joşmalary mahalynda ýurtda onlarça adam öldi.

Müňlerçe jaýa zyýan ýetdi we köp jaý agyr ýagyşdan soň gelen sil netijesinde weýran boldy.

XS
SM
MD
LG