Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” jeňçileri Arghanj Khaw etrabynyň merkezini öz kontrolyna geçirdi


Badahşan görnüşi
Badahşan görnüşi

“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda, iki güne çeken gazaply söweşden soň, Arghanj Khaw etrabynyň merkezini öz kontrollygyna geçirdi diýip, resmiler 30-njy martda aýtdy.

Söweş wagtynda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 12 agzasy öldürildi, bäşisi bolsa ýaralandy diýip, ýerli resmiler habar berdi.

Ýerli gubernatoryň sözçüsi Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna Arghanj Khaw etrabyndaky söweş dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de ol talyban söweşijileriniň bir toparynyň öldürilendigini, emma olaryň sanynyň bilinmeýändigini aýtdy.

Badahşanyň welaýat geňeşiniň agzasy Abdollah Naji Nazari Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde talyplaryň Arghanj Khawy eýelemeginiň Badahşanyň paýtagty Faiz Abada hüjüm edilmek howatyryny döredendigini aýtdy.

Şu aralykda talyplar Zabul welaýatynda azyndan sekiz polisiýa ofiserini öldürdiler.

XS
SM
MD
LG