Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bir erkek öz aýalynyň 7 garyndaşyny atyp öldürdi


Dezful şäheriniň golaýyndaky "Çal Kandi" görnüşi
Dezful şäheriniň golaýyndaky "Çal Kandi" görnüşi

Eýranyň günorta-günbataryndaky Dezful şäherinde bir erkek öz aýalynyň maşgalasyndan ýedi adamy atyp öldürdi diýip,ýerli media 31-nji martda habar berdi.

Resmi IRNA habar gullugy atyjynyň özüni öldürmezinden öň Kalaşnikow awtomatyndan ot açyp, bäş erkegi we iki aýaly öldürendigini habar berýär.

Ýarym resmi “Mehr” habar gullugy 30-njy mart agşamy bolan wakada dört adamyň ýaraly bolandygyny habar berdi. Aýdylmagyna görä, atyjy aman galdy we hassahana ýerleşdirildi.

Eýranda ýaragly zorluk seýrek, raýatlara diňe ygtyýar berlen aw tüpeňlerini edinmäge rugsat berilýär.

2017-nji ýylyň ýanwarynda bir adam gahar-gazaba münüp, Eýranyň merkezindäki Arak şäherinde bäş adamy atyp öldürdi.

Bir aý çemesi öň bolsa, ýurduň günortasyndaky oba ýerinde bir adam özüniň 10 garyndaşyny öldürdi.

XS
SM
MD
LG