Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri goňşy Gazagystana nägilelik bildirdi


Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet ministrligi serhediň gyrgyz tarapynda 250 çemesi ýük ulagynyň üýşendigini aýdýar.
Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet ministrligi serhediň gyrgyz tarapynda 250 çemesi ýük ulagynyň üýşendigini aýdýar.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri soňky iki ýylyň dowamynda ikinji gezek “serhetde ýük ulaglarynyň hereketini haýalladan muşakgatlydygy aýdylýan býurokratik proseduralar” sebäpli goňşy Gazagystana nägilelik bildirdiler.

3-nji aprelde çap edilen beýanatda Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet ministrligi ýurduň demirgazygyndaky goňşusyny Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň düzgünnamalaryny bozmakda aýyplady. Bu bileleşigiň düzümine Russiýa, Belarus we Ermenistan hem girýär.

Beýanatda 19-njy martdan bäri gazak häkimiýetleriniň Gyrgyzystandan Gazagystana barýan ýük ulaglaryň ählisinde pugta barlaglary geçirýändigi we munuň netijesinde serhediň gyrgyz tarapynda 250 çemesi ýük ulagynyň üýşendigi aýdylýar.

“Bu ädim Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň düzgünnamalaryna gapma-garşy gelýän gizlin gümrük barlagydyr” diýip, gyrgyz ministrligi aýdýar we munuň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine oňaýsyz täsir ýetirjekdigini belleýär.

Mundan öň, Gazagystanyň Maliýe ministrligi serhetdäki ýük ulaglaryň hereketiniň haýallamagyna käbir sürüjileriň “serhet barlaglaryndan bolmalysy ýaly geçmek islemezliginiň” sebäp bolandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG