Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peteburg partlamasy üçin sud edilýän merkezi aziýalylaryň gynalandygy aýdylýar


Soňky gynag aýyplamalary 2-nji aprelde peýda boldy.
Soňky gynag aýyplamalary 2-nji aprelde peýda boldy.

2017-nji ýylda Sankt Peterburg metrosynda bolan ganly partlama bilen baglylykda gümanedilýän birnäçe adam özleriniň tussgahanada gynalandyklaryny, sebäbi häkimiýetleriň metroda özüni partladandygy aýdylýan adamyň gatnaşan adamlaryny tapmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Adam gynamalary barada edilýän soňky şikaýatlar güman edilýän 11 adamyň 2-nji apreldäki sud seljerişligi bilen baglylykda peýda boldy, olaryň biri özüniň “gizlin türmede” saklanyp, elektrik toguna tutulandygyny we beýleki ýowuzlyklara sezewar edilendigini gürrüň berdi.

Tussaglaryň hukuklaryny goraýan toparyň agzasy Ýana Teplitskaýa “Mediazona” habar neşirine Muhamadýusup Ermatowyň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde Sankt Peterburgda tussag edilenden soň özüniň gynalandygyny aýdandygyny gürrüň berdi.

Ermatow we ýene 10 adam, rus häkimiýetleriniň janyndan geçen bombaçynyň hüjümini amala aşyrandygyny aýdýan adamy Akbarjon Jalilowyň,Gyrgyzystanda doglan etniki özbegiň iş şärikleri bolmakda aýyplanýar.

2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde Orsýetiň ikinji uly şäherindäki metro wagonynda bolan partlamada 15 adam öldi, 67 adam bolsa ýaralandy.

Sud edilýänleriň ählisi Merkezi Aziýanyň ozalky sowet respulikalarynda doglan we harby sudda geçirilen sud seljerişliginiň ilkinji gününde özleriniň bigünädiklerini aýtdylar.

Teplitskaýanyň maglumatyna görä, Ermatow tussag edleninden soň, tutulandygy yglan edilmezinden bir aý gowrak öň“gizlin türmede” saklanylandygyny, onuň görnüşinden Moskwanyň içinde ýa golaýynda ýerleşýändigini aýtdy.

Beýleki aýdýan gynamalaryndan başgha, ol özüniň elektrik toguna hem tutulandygyny, ýygy-ýygydan kellesine halta geýdirip saklandyklaryny, urlandygyny, suwsuz we aç saklanandygyny aýtdy.

Ol öz dogany Ibragimjon Ermatowyň hem gynalandygyny aýtdy.

Adam gynalmagy barada täze aýdylan zatlardan soň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyndan ýa beýleki hukuk goraýjy gulluklardan bada-bat hiç bir düşündiriş bolmady.

Sud edilýänleriň ýene ikisi, doganlar Abror we Akram Azimowlar hem ozal özleriniň tussag edilen wagtlarynda, türmede gynalandyklaryny aýdypdylar.

Hukukçy aktiwistler we günbatar hökümetleri Orsýetde güman edilýänleriň we sud edilenleriň polisiýa we beýleki hukuk goraýjy häkimiýetler tarapyndan gynalmagynyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 13-nji martda dünýä boýunça adam hukuklary hasabatyny çap edip, Orsýetde hökümetiň hukuk goraýjy işgärleriniň gatnaşmagynda giň ýaýran adam gynamalarynyň käte ölümehem sebäp bolýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG