Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow dikuçardan gurluşyklary synlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby dikuçary synag edýär. Arhiw siraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby dikuçary synag edýär. Arhiw siraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde dikuçardan paýtagtdaky gurluşyklaryň, Ahal welaýatyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Azatlygyň habarçysy düýn prezidentiň uçarynyň gysga wagtda iki gezek asmanda görnendigini, şäherde awtoulaglaryň kowalanyp ýörülmeginiň sebäbiniň düşnükli bolandygyny habar berdi.

Döwlet baştutany uçuşyň dowamynda Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, desganyň bellenen möhletlerde ulanylmaga berilmegini tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ýöriteleşdirilen tehnikalary ulansaň, dikuçaryň üstünden alnyp barylýan işleriň gerimi “aýdyň görünýär”.

Prezident Magtymguly Pyragynyň dag eteginde dikeldiljek ýadygärliginiň, «Welosiped» binasynyň guruljak ýerlerinde edilýän işler bilen hem tanyşdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň, bu sebitdäki desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu tanyşlyk goňşy Eýranda we Owganystanda, şol sanda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde bolan suw joşmalarynyň, ilatly ýerleri suw basmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen DIM-i Eýrandaky suw joşmalary üçin goňşy ýurduň halkyna duýgudaşlyk bildirdi, emma Türkmenistanda bolan tebigy hadysanyň döreden ýykgynçylyklaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG